
图片来源:Turkmenistan.gov.tm
2026年3月13日,土库曼斯坦—中国投资论坛推介会在北京举行。该论坛将于今年4月28日至30日在阿什哈巴德举行。本次推介会由中国海外发展协会(CODA)主办,并得到土库曼斯坦驻中华人民共和国大使馆和土库曼斯坦工商会的支持。
土库曼斯坦驻中华人民共和国大使帕拉哈特·杜尔德耶夫在致辞中详细介绍了土库曼斯坦的投资吸引力,强调该国宏观经济指标的稳定性以及为外国合作伙伴提供的前所未有的优惠政策。
土库曼斯坦工商会代表也进行了专题推介,介绍了多个具体案例以及重点优先项目,涵盖原材料加工及出口、交通与物流发展,以及中国通过土库曼斯坦参与跨境运输走廊建设等领域。
推介会最后举行了直接洽谈环节,中国企业家与土库曼斯坦方面就合作前景进行了交流与探讨。
Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji martynda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy apreli aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkmen–Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Hytaýyň daşary ýurtlarda telekeçiligi ösdürmek boýunça assosiasiýasy (CODA) tarapyndan Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan goldaw berilmegi bilen guraldy.
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P. Durdyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini giňişleýin beýan edip, makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyny hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen deňi-taýy bolmadyk ýeňillikleri aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem çykyş edip, esasy pudaklarda amala aşyrylýan anyk taslamalary we ileri tutulýan ugurlary tanyşdyrdylar. Olaryň hatarynda çig maly gaýtadan işlemek we eksport etmek, ulag hem-de logistika ulgamlaryny ösdürmek, şeýle hem Hytaýyň Türkmenistan arkaly geçýän tranzit ulag geçelgelerine goşulyşmagy ýaly ugurlar bar.
Tanyşdyrylyş çäresi göni gepleşikler sessiýasy bilen tamamlandy. Onuň dowamynda hytaýly telekeçiler türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
В Пекине состоялась презентация Туркмено-Китайского инвестиционного форума.
13 марта 2026 года в Пекине состоялась презентация предстоящего 28-30 апреля сего года Туркмено-китайского инвестиционного форума в Ашгабаде, организованная Китайской ассоциацией развития предпринимательства за рубежом (CODA) при поддержке Посольства Туркменистана в КНР и Торгово-промышленной палаты Туркменистана.
Посол Туркменистана в Китайской Народной Республике П.Дурдыев в своем выступлении детально раскрыл инвестиционную привлекательность Туркменистана, подчеркнув стабильность макроэкономических показателей и беспрецедентные льготы для иностранных партнеров.
Представители Торгово-промышленной палаты Туркменистана выступили с презентацией, представив конкретные кейсы и приоритетные проекты в ключевых отраслях: переработке сырья и его экспорте, транспорте и логистике, а также интеграции Китая в транзитные коридоры через Туркменистан.
Форум завершился сессией прямых переговоров, где китайские предприниматели смогли обсудить вопросы сотрудничества с туркменской стороной.
Hytaý- Türkmenistan Medeniýet Merkezi
新闻来源:Turkmenistan.gov.tm
新闻内容以土库曼语原文和中文译文为准
